Soňky habarlar

Arhiw

Dünýädäki iň ýaş kriptomilliarder Hindistana 1 milliard dollar peşgeş berdi

10:3515.05.2021
1
1100

Dünýäniň iň ýaş kriptomilliarderlerinden biri we "Ethereum" taslamasyny esaslandyryjy Witaliý Buterin koronawirusa garşy göreşmek üçin Hindistana 1 milliard dollar peşgeş berdi.

Forbes neşiriniň habar bermegine görä, bu pul serişdesi kriptowalýuta görnüşinde Hindistana geçirildi. Bu kriptowalýutalary "India COVID-Crypto Relief" kompaniýasy we beýleki guramalar satyn aldylar.

Buterin özüniň bir geleşikde gazanan 1,2 milliard dollarlyk 50 trillion "Shiba Inu" tokenini Hindistana geçirdi. Hindistana geçirileninden soň "Shiba Inu" tokeniniň hümmeti 30 göterimden gowrak peseldi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Saparnury ( 16.05.2021 )

Dünýä entek gowy adamlaram bar eken

0