Türkmenistan türk kompaniýasy bilen kazyýet işinde 500 million dollar utdy

21:0512.05.2021
0
15071

Maýa goýum dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkeziniň (International Centre for Settlement of Investment Disputes – ICSID) Türkmenistan bilen Türkiýäniň "Sehil" kompaniýasynyň arasynda maýa goýum dawasy bilen bagly işi boýunça çykaran gutarnykly kararynyň jikme-jiklikleri belli boldy. Arbitraž kazyýet iş boýunça ähli arzalary ret etdi.

Dawa Türkmenistanyň türk kompaniýasynyň maýa goýumlaryna galp päsgelçiligi boýunça ýüze çykdy. Arzaçylar Türkmenistanyň 31 gurluşyk şertnamasy boýunça çäre görüp, ikitaraplaýyn maýa goýum şertnamasyny bozandygyny öňe sürüp, 500 million dollar töweregi öwez tölegini talap etdiler.

Kazyýet öz karary bilen, ikitaraplaýyn maýa goýum şertnamasyny çäginde diňe kompaniýanyň emläk talaplaryny diňlemek hukugynyň bardygyny anyklady we bu arzany ret etdi.

Hususan-da, kazyýet arzaçylaryň Türkmenistan bilen baglaşylan beýleki şertnamalarda göz öňünde tutulan has amatly gorag ülňülerine girmek üçin iň amatly ýurt şertnamasy maddasyna bil baglap bilmejekdigi barada biragyzdan karar berdi.

Şeýlelik bilen, 10 ýyla golaý wagt dowam eden kazyýet işi Türkmenistanyň peýdasyna çözüldi.

MDÇHM (ICSID - Maýa goýum dawalaryny çözmek boýunça Halkara merkezi) BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Bütindünýä bankynyň düzümine girýän awtonom halkara guramalaryň biridir. ICSID taraplary ýaraşdyrmak we halkara maýa goýum dawalarynda arbitraž amallary üçin kanuny mümkinçilikleri üpjün etmek maksady bilen döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň