Türkmenistanyň Prezidenti ekologiýa çäresiniň çäklerinde welosipedli ýörişe gatnaşdy

23:4411.05.2021
0
16697

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa çäresine gatnaşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynyň 140 ýyllygyna gabatlanylan köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa we sport çäresine badalga berip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýew bilen bilelikde, ýurdumyzyň baş şäheriniň giň, owadan ýollaryndan geçýän ugur boýunça ýola düşdi.

Welosipedli ýörişiň ugry boýunça Bitaraplyk binasynyň golaýyndaky çatrykda bu çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary goşuldylar.

Soňra welosipedli ýörişe Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary we Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary goşuldylar. Ýolugrunda sport çäresine köp sanly gatnaşyjylar, şol sanda talyp ýaşlar, şäher jemgyýetçiliginiň, ýaş nesliň wekilleri goşuldylar. Welosipedli ýörişe Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler hem ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň