Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň alnyşyny ýokary depginde saklamagy tabşyrdy

09:3308.05.2021
0
6322
Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň alnyşyny ýokary depginde saklamagy tabşyrdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýylyň dört aýynyň jemlerine bagyşlanan Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň işinde belli bir öňegidişligiň bardygyna garamazdan, aýry-aýry pudaklarda heniz kemçilikleriň dowam edýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutany nebiti çykarmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik tabşyryklaryny yzygiderli berjaý etmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýer Ş.Abdyrahmanowdan talap etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňzindäki nebitgazly ýataklary özleşdirmek işlerini çaltlandyrmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň depginini artdyrmak we tebigy gazy eksport etmek boýunça halkara taslamalary taýýarlamak meselelerine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň