№1-bo “Boş iş orunlary we olary doldurmak üçin gerek bolan işgärler barada hasabat” (aýlyk) pudaklaýyn statistik hasabatlylygyň formasy boýunça hasabat eýeçilik görnüşine garamazdan ýuridiki şahslar we (ýa-da) olaryň düzüm birlikleri, hususy telekeçiler tarapyndan düzülýär we özüniň ýerleşýän ýeri boýunça zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümine tabşyrylýar. 2021-nji ýylyň mart aýynda bu (aýlyk) pudaklaýyn statistik hasabatlylygyň (aýlyk) formasyna käbir üýtgetmeler girizildi. Girizilen üýtgetmä laýyklykda, hakyna tutma zähmeti ulanmazdan we ýuridiki şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýanlar №1-bo (aýlyk) pudaklaýyn statistik hasabatlylygyň formasyny tabşyrmakdan boşadyldylar.
Bu üýtgetmeler 2021-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girdi we bu baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda (mlsp.gov.tm) tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-48-20
Şeýle-de okaň: