Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi saýtynda «Iş üpjünçilik» sahypasy dörediler

11:4730.03.2019
0
10765

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 29-njy martda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde wise-premýer G.Myradow döwlet Baştutanyna Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň resmi internet web-saýtynyň binýadynda «Iş üpjünçilik» sahypasyny döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu teklip hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna we 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda taýýarlanyldy.

Onda guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar-hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler barada maglumatlary ýerleşdirmek arkaly iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirmek mümkinçiligi dörär. Munuň özi iş gözleýän raýatlaryň we iş hödürleýänleriň arasynda zerur maglumatlary alyşmaga, ilatyň iş bilen üpjünçiligi boýunça maksatnamany ýerine ýetirmäge, elektron görnüşde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ulgamyna geçilmegine kömek eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň maliýe toplumynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere wise-premýeriň ünsüni çekdi. Şolaryň hatarynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň meýilnamalaryny, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşine gönükdirilen milli hem-de döwlet maksatnamalaryny bellenilen möhletde ýerine ýetirmek meselelerine gözegçiligi ýola goýmak wezipesiniň bardygy bellenildi.

Ilatyň iş bilen üpjünçiligi, raýatlaryň zähmet öndürijidigini we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, milli Liderimiz belledi hem-de bu ugurda anyk işleriň geçirilmegini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz aýdylan teklibi makullap, ony durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ähli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň