Soňky habarlar

Arhiw

Beýik Britaniýada 10 kilolyk altyn teňňe çykaryldy

18:1630.04.2021
0
4957

Beýik Britaniýada agramy 10 kg, diametri 20 sm bolan altyn teňňe çykaryldy. Onuň bahasy 10000 funt sterlinge barabardyr. “The Guardian” gazetiniň habaryna görä, bu altyn teňňe Beýik Britaniýanyň 1100 ýyllyk taryhyndaky iň uly ölçegli teňňedir.

Bu şaýy puly döretmek üçin 400 sagat gerek bolupdyr. Ony ýalpyldatmak işi bolsa 4 gün dowam edipdir.

10 kilolyk bu altyn teňňä hyrydar bolan alyjy tapyldy, ýöne onuň ady aýan edilmedi. Altyn teňňe üçin tölenen pul 6 sanly walýutadan ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň