Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş metjidinde agzaçar sadakasyny berdi. Oňa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy.
Metjitde Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri Gurhandan aýat okadylar hem-de mukaddes Oraza aýynda berlen sadakanyň hem-de okalan aýat-töwirleriň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdiler.
Soňra agzaçar sadakasynyň geçiriljek ýerinde döwlet Baştutanlary söz sözlediler.
Türkmen Lideri sadaka gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, ata-babalarymyzyň “Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn” diýen parasatly sözlerini getirdi. Şol nukdaýnazardan, şu gün şeýle uly hormat goýup, kakamy, kyblamy ýatlap, ählimiz bir supranyň başyna jemlendik diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Halkymyz “Agzybire Taňry biýr” diýipdir. Şonuň üçinem mähriban kyblamyň ýedisi geçenden soň, birinji anna agşamynda agzybirlikde bir supranyň başyna jemlendik. Ata-babalarymyz ýas bilen toý bile geler diýipdirler. Goňşularymyz, dostlarymyz, doganlarymyz begenen ýerimizde bile begenýärler, gynanan ýerimizde biziň bilen bile gynanýarlar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Döwlet Baştutany Mälikguly aganyň aradan çykmagy zerarly, bildirilen köpsanly duýgudaşlyk sözleri üçin taňryýalkasyn aýdyp, Oraza aýynda berilýän agzaçar sadakasyna Özbegistandan gelen myhmanlaryňam gatnaşýandygyny belledi.
Soňra Özbegistanyň Lideri türkmen Lideriniň ýakynlaryna, dostlukly türkmen halkyna uly ýitgi, döwlet Baştutanymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly tüýs ýürekden gynanjyny bildirdi we duýgudaşlyk sözlerini aýtdy.
Türkmenistanyň müftüsi tebärek çykdy. Nahardan soň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň müftüleri aýat-töwir etdiler.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Baştutany Watanyna ugrady.