Soňky habarlar

Arhiw

«Rysgal kompýuter» Tecno telefonlarynyň täze görnüşlerini hödürleýär

16:2426.04.2021
0
23412

«Rysgal kompýuter» dükanlar ulgamy türkmenistanly müşderiler üçin Tecno smartfonlarynyň täze görnüşlerini hödürleýär.

Häzirki wagtda «Rysgal kompýuter» bu kompaniýanyň biziň ýurdumyzdaky ýeke-täk dileri bolup durýar. Bu kompaniýanyň jübi telefonlaryny kompaniýanyň dükanyndan, şeýle hem dilerlerden satyn alyp bolýar.

Tekno 2006-njy ýylda Gonkongda esaslandyryldy. Gysga wagtyň içinde kompaniýa orta bahaly önümleri bilen smartfon ulanyjylaryň arasynda meşhurlyk gazandy. Esasanam, Tecno brendiniň önümlerine bahasynyň elýeterli, hiliniň ýokary bolmagy sebäpli GDA-nyň çäginde uly isleg bildirýär. Techno smartfonlarynyň ähli görnüşlerinde güýçli kameralar we batareýalar, iki SIM karta üçin ýeri, barmak yzy we ýüz skaneri arkaly giriş-dolandyryş ulgamlary bar.

Tecno smartfonlarynyň 8 görnüşi, iň ýokary bahadan iň pes baha çenli alyjylara ýetirilýär. Mysal üçin, «Kamon 15» 48 megapiksel kamerasy we 128 GB ýady bolan telefondyr. «Pouvoir 4», «iPhone 12» batareýinden has güýçli 6000 mAh — adatdan daşary güýçli batareýany özünde jemleýär.

Iň amatly görnüşi 16 Gb ýady we Face ID barmak yzy bar bolan POP 2F telefonydyr.

Tecno smartfonlaryny paýtagtda «Rysgal kompýuter» dükanynyň özünde, beýleki söwda nokatlarynda — bazarda we «Aýyd» söwda merkezinde satyn alyp bolar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň