Soňky habarlar

Arhiw

“Rysgal Kompýuter” dükanyna täze harytlaryň köp mukdary geldi

14:3921.01.2021
0
9730

Hytaýyň “Dahua Technology” kompaniýasynyň resmi dilleri “Rysgal Kompýuter”, arzan bahadan köp sanly täze önümleriň gelendigini habar berdi. Müşderilere wideo gözegçilik ulgamlaryny, 19-dan 43 dýuýma çenli dürli ululykdaky monitorlary, şeýle hem kompýuterler we olar üçin esbaplary hödürleýär.

“Dahua Technology” wideo gözegçilik we sanly hasaba alyş toplumlary şeýle-de elektron habar beriş gurluşlary boýunça öňdebaryjydyr. Geçen ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berlen 16-njy tapgyra degişli täze binalardaky otaglar “Dahua” kompaniýasynyň akylly domofonlary bilen enjamlaşdyrylandyr. “Dahua Technology”-nyň resmi dilleri we satyjysy “Rysgal Kompýuter”-iň ýurduň ähli welaýat merkezlerinde şahamçalary bar. Kompaniýanyň dükanlaryndan dürli tor enjamlaryny satyn alyp bilersiňiz: routerler, kod (patç) panelleri, internet paýlaýjylary , şeýle hem web kameralar, elektron gulplar we ş.m.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň