Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslaryň 10-syna hormatly atlary dakdy

23:5621.04.2021
0
3170
Türkmenistanyň Prezidenti itşynaslaryň 10-syna hormatly atlary dakdy

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda» Permana gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakyldy:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa,

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Türkmen alabaýlarynyň merkeziniň müdiri Myratmuhammet Ýazyýewiç Seýidowa,

Ahal welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň gulluk itşynaslygy bölüminiň kiçi gözegçi-itşynasy Ýazmuhammet Muhammetgurbanowiç Arçynowa,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi edarasynyň baş karargähiniň Operatiw müdirliginiň atçylyk we kinologiýa bölüminiň müdiriniň orunbasary — kinologiýa bölümçesiniň serkerdesi Atahan Aşyrmyradowiç Suhanowa,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň «Türkmen alabaý itleri» bölüminiň hasapçysy, hususy itşynas Mekanmuhammet Muhametgeldiýewiç Hanowa,

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Tejenkarbamid» zawodynyň taýýar önüm sehiniň çalşyk başlygy, hususy itşynas Durdymurat Bäşimowiç Garaýewe,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň Merkezi inžener tehnologiýa gullugynyň buraw başlygy, hususy itşynas Durdymämmet Mahmytmämmedowiç Meredowa,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndaky 11-nji çagalar bagynyň garawuly, hususy itşynas Haldurdy Gurbanmuhammedowiç Goçowa,

Lebap welaýatyndan hususy itşynas Rahmet Ahmedkulowiç Ýuldaşewe,

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň matematika mugallymy, hususy itşynas Atamyrat Gulmyradowiç Süleýmanowa.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň