Soňky habarlar

Arhiw

«Toyota» şereketiniň «Land Cruiser 300» atly täze awtoulagy barada jikme-jik maglumatlar mälim edildi

18:0820.04.2021
0
2212

Maglumatlara görä, «Land Cruiser 300» atly täze awtoulagyň esasy benzinli hereketlendirijä (dwigatele) eýe bolan modeliniň önümçiliginiň 2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda başlajakdygy habar berildi. Bu awtoulagyň dizel modeliniň önümçiliginiň bolsa 2021-nji ýylyň 19-njy iýulynda başlajakdygy habar berildi.

«Creative311» portaly täze «Land Cruiser 300» awtoulagynyň birnäçe esasy aýratynlaryny okyjylar köpçüligine mälim etdi. Bu portalda habar berlişine görä, «Land Cruiser 300» awtoulagy 3,5 litrlik V6 benzinli hereketlendiriji (dwigatel) bilen üpjün ediler. Enjamyň güýji 420 at güýjüne deň bolar. Hereketlendiriji (dwigatel) on esse tizlikli awtomatik geçiriş gutusy bilen işlär.

Şeýle hem alyjylara 309 at güýji we 3,3 litrlik V6 hereketlendirijisi (dwigateli) bolan awtoulagyň dizel modifikasiýasy teklip ediler.


Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň