Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşda erkin göreş boýunça türkmenistanly türgen Kerim Hojakow bürünç medala mynasyp boldy. Bu barada «Dünýä Göreş birleşmesiniň» (UWW) resmi saýty habar berýär.
Türkmenistanly pälwan bu üstünligi 65 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Kerim Hojakowyň ýaryşan agram derejesinde türgenleriň 10-sy medallar ugrunda göreşdi.
K.Hojakow erkin göreşiniň ilkinji tilsimlerini tälimçisi Batyr Akmuhammedowdan aldy. Dürli derejeli halkara ýaryşlarda 3 kümüş, 1 altyn medal gazanan K.Hojakow häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzasy bolup, baş tälimçi Ýusup Meläýewiň elinde türgenleşýär.