12 ― 17-nji aprel aralygynda Daşkent şäherinde geçirilen suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda türkmenistanly türgen Merdan Ataýew örän üstünlikli çykyş etdi diýip, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi web saýty habar berýär.
Biziň ildeşimiz 200 metr aralyga arkanlyga ýüzmek boýunça ýaryşa gatnaşan ýeke-täk türgen boldy. Bu aralygy 2 minut 11,10 sekuntda geçen türgen, elbetde, altyn medalyň eýesi boldy. Edil şeýle görnüşde 100 metr aralyga ýüzmekde bolsa 54,91 sekuntlyk netije görkezen ildeşimiz hindistanly Nataraz Şrihariden soňra ikinji orny eýeledi.
Özbegisanyň açyk çempionatyna jemi 161 türgen gatnaşdy. Şolaryň 21-si Türkmenistanyň, Owganystanyň we Hindistanyň wekilleridir. Ýaryşyň netijeleri türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna we Abu-Dabide, Fukuokada geçiriljek dünýä çempionatlaryna gatnaşmaga bolan mümkinçiligine täsirini ýetirdi.