Soňky habarlar

Arhiw

Baýden 2021-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Owganystandan amerikan goşunlarynyň çykaryljakdygyny belledi

18:3014.04.2021
0
3169
Baýden 2021-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Owganystandan amerikan goşunlarynyň çykaryljakdygyny belledi

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 2021-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda Owganystandan ähli amerikan goşunlarynyň çykaryljakdygyny belledi. Euronews-iň habar bermegine görä, bu sene ABŞ-a üçin simwoliki mana eýe bolup, bu ýylda şol gün guralan terrorçylykly waka 20 ýyl dolýar. Bu terrorçylyga gaýtawul hökmünde 2001-nji ýylyň oktýabrynda Owganystana amerikan goşunlary girizilipdi.

ABŞ-nyň Prezidentiniň ýolbaşçylyk düzüminiň başlygynyň aýtmagyna görä, Baýdeniň bu netijä gelmegine häzirki wagta çenli ulanylan çärelere görä, amerikan goşunlarynyň Owganystanda hemişelik galyp biljekdigi bilen bagly ýagdaýlara berlen seljermeler sebäp boldy. Şonuň üçin-de 20 ýyla çeken owgan işini tamamlamak çözgüdine gelindi. Belli bolşy ýaly, 2004-nji ýylda ýurtdan ABŞ-nyň we NATO-nyň goşunlarynyň aglaba bölegi çykarylsa-da, sebitde harby berkitmeler saklanyp galypdy. Owganystandan amerikan goşunlaryny çykarmak hakynda resmi çözgüt we taýýarlanan meýilnama hepdäniň çarşenbe güni mälim ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň