Soňky habarlar

Arhiw

Günorta Koreýada Alyşir Nowaýynyň heýkeli gurulýar

19:0512.04.2021
0
904

Günorta Koreýada ýadygärlikler we heýkeller pudagynda öňdebaryjy kompaniýa bolan «Malong Company» şereketiniň wekilleri Gündogaryň beýik akyldary Alyşir Nowaýynyň heýkelini döredýärler. Häzirki wagtda heýkeliň nusgasy ýasaldy we indi ony bürünçden ýasamak boýunça işler alnyp barylýar. Binýatlyk üçin ak mermer saýlanylyp alyndy.

Günorta Koreýanyň öňdebaryjy heýkeltaraşlaryndan biri bolan Park Kýong Dal: «Dünýä halklarynyň edebiýatynyň beýik wekili Alyşir Nowaýynyň keşbini döretmeklik hormatyna eýe bolanyma örän şatdyryn. Sebäbi her bir heýkeltaraş Nowaýy ýaly beýik adamyň heýkelini döretmegi arzuw edýär. Elbetde, Nowaýynyň keşbiniň heýkelini adyna we dünýä edebiýatynyň taryhyndaky ornuna görä döretmeklik aňsat iş däl.

Her bir heýkeli ýasamakda, ilki bilen heýkeli ýasalýan şahsyýeti öwrenmeklik örän möhümdir. Nowaýy hakda-da köp zat eşitdim. Onuň keşbini döretmek üçin beýik şahyryň şahsyýetini öwrendim, soň işe başladym. Men ähli başarnyklarymy ulanyp, bu taryhy şahsyýetiň heýkelini döretmegi maksat etdim.» - diýip belledi. Şeýle hem ol Alyşir Nowaýynyň heýkeliniň şu ýylyň maý aýynyň başynda taýýar boljakdygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň