Soňky habarlar

Arhiw

Tanzaniýa bilen Ugandanyň arasynda uzynlygy 1500 kilometr bolan nebit geçirijisi gurlar

11:4012.04.2021
0
591

Gündogar Afrika ýurtlary bolan Tanzaniýa bilen Ugandanyň arasynda 3,5 milliard dollarlyk nebit geçirijisi gurlar.

Ýerli metbugatyň habaryna görä, Tanzaniýanyň Prezidenti Samia Suluhu Hassan öz döwletiniň demirgazyk goňşy ýurduna — Uganda ilkinji daşary ýurt saparyny amala aşyrdy. Tanzaniýanyň Prezidentiniň bu resmi iş saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda nebit geçirijisini gurmaklyk barada ozal baglaşylan şertnama gaýtadan seredildi.

3,5 milliard dollarlyk şertnamanyň çäginde Ugandanyň Hoýma sebitinden Tanzaniýanyň Tanga portuna çenli, uzynlygy takmynan 1500 kilometr bolan nebit geçirijisiniň gurulmagy maksat edinilýär. Günde 200 müň barrel nebit daşalmagyna mümkinçilik berjek bu taslamanyň gurluşygy 2024-nji ýylda tamamlanar we 10 müň adam iş orunlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem, Tanzaniýa Lideriniň Uganda bolan resmi iş saparynyň çäginde iki ýurt nebit eksporty we gümrük paçlary barada ylalaşyk gazandy.

Ugandada nebit gorlary 2006-njy ýylda tapyldy, ýöne zerur infrastrukturanyň ýoklugy sebäpli önümçilik yza süýşürildi.

Tanzaniýanyň öňki Prezidenti Jon Magufuli we Ugandanyň Prezidenti Ýoweri Museweni 3,5 milliard dollarlyk nebit geçirijiniň gurluşygy barada 2020-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda deslapky şertnama gol çekdiler.

Gündogar Afrikadaky iň uly nebit geçirijisiniň taslamasy «Total» şereketi, Hytaýyň döwlet gözegçiligindäki iň uly nebit kompaniýasy «CNOOC» we Ugandanyň hem-de Tanzaniýanyň Hökümetleri bilen bilelikde amala aşyrylýar.

Ugandanyň Hoima sebitinde takmynan 6,5 milliard barrel nebit tapyldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň