Soňky habarlar

Arhiw

Cardlax simsiz gulaklyklara niýetläp döreden «ýuwujy maşyny» bilen tanyşdyrdy

15:1810.04.2021
0
4286

«Ixbt.com» Cardlax amerikan kompaniýasynyň simsiz gulaklyklaryň hapalanmagy bilen döreýän meseläniň çözgüdini tapandygyny habar berýär. Cardlax munuň üçin ýörite döreden «EarBuds Washer» atly gulaklyklary arassalamaga niýetlenen «ýuwujy maşyny» bilen tanyş etdi.

Enjam, hakykatdan hem, ýuwujy maşynyň kiçijek görnüşindedir. Ony döredijileriň aýtmagyna görä, gutujygyň içinde ýerleşdirilen çotgalar we sürteçler islendik TWS-gulaklyklaryny ýuwmaga mümkinçilik berýär. Birnäçe minudyň dowamynda ýerine ýetirilýän bu iş gulaklyklary täze satyn alnan günündäki tämiz görnüşine getirýär. «EarBuds Washer» enjamynyň içinde ýerleşýän düzüm bölekleriniň rezinden edilmegi we aýryp bolmak mümkinçiliginiň döredilmegi olaryň özüni hem arassalamak işlerini ýeňilleşdirýär. Şeýle hem bu topluma ýörite spreýler goşulýar.

«EarBuds Washer» enjamyny Kickstarter meýdançasyndan 40$, dört sanysyny bolsa 100$ baha bilen satyn almak bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň