Top.Mail.Ru

Şu ýyl Türkmenistanda 82,4 müň tonna şaly almak meýilleşdirilýär

23:4509.04.2021
0
6723

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda 2021-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimlikleri Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün eder.

Şu ýyl Türkmenistan boýunça 18 müň 300 gektar ýer meýdanyna ekin ekip, 82 müň 400 tonna şaly hasylyny almak meýilleşdirilýär. Daşoguz welaýatynda 8 müň 100 gektar meýdandan 35 müň tonna şaly, Lebap welaýatynda 10 müň 200 gektar meýdandan 47 müň 400 tonna şaly almak meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň