Soňky habarlar

Arhiw

Lebapda täze gaz geçirijisi çekilýär

20:1509.04.2021
0
8847

Lebap welaýatynda uzynlygy 125 kilometre ýetýän gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişildi. Ol Üçajy gaz ýatagyndan başlap, Çärjew etrabynyň giňişliklerine çenli uzaar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Täze gaz geçiriji kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik bekedini «mawy ýangyç» bilen üpjün eder. Gurluşygyna 2018-nji ýylyň ahyrynda girişilen bekediň şu ýylyň tomsunda açylyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýar.

Şeýlelikde, gündogar sebitdäki gaz turbinaly elektrik beketleriniň sany üçe ýeter.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň