Arhiw

Kakadaky dokma toplumynda Şweýsariýanyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylýar

19:5809.04.2021
0
6982
Kakadaky dokma toplumynda Şweýsariýanyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrylýar

Gurluşygy Türkiýäniň «Cotam Enterprises Ltd.» kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýan Kaka dokma toplumynda «K46 Reiter» kysymly egriji enjamlaryň 13-si ornaşdyrylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.

Şweýsariýanyň meşhur kompaniýasynyň iň döwrebap enjamlary Türkmenistanda ilkinji gezek ornaşdyrylar. Olar has ýokary hilli ýüplük almaga mümkinçilik berer.

Kakada oturyljak enjamlaryň ýene bir aýratynlygy olaryň elektrik energiýasyny az sarp edýänligidir. Has takygy, olar üçin ýurdumyzda ozal bar bolan egriji enjamlaryň sarp edýän energiýasynyň diňe 20 göterimi hem ýeterlik bolar.

«K46» enjamlarynda öndüriljek ýüplükler erkek kişileriň köýneklerini, tokary hilli trikotaž matalary, düşekleriň we joraplaryň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer.

Umuman, Kakada gurulýan täze toplum ýylda 5 müň tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.

Egriji, dokma, boýag we tikin bölümini öz içine alýan kärhana ýylda 3650 tonna ykjam ýüplük we 12 million inedördül metr mata öndürer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň