Soňky habarlar

Arhiw

iPhone üçin täze ornaşdyrmalar «Lokator» arkaly beýleki enjamlary tapmaga ýardam eder

17:5308.04.2021
0
3727

Apple kompaniýasy öz müşderileri üçin mümkinçilikleriň çägini giňeldýär. Indi iPhone-da «Lokator» arkaly dürli beýleki enjamlary gözlemek funksiýasynyň ornaşdyrylandygy barada ferra.ru habar berýär. Apple-iň ýolbaşçy düzüminiň aýtmagyna görä, 7-nji aprelden başlap, iPhone we dürli beýleki enjamlar üçin aksessuarlary öndürijiler öz gadjetlerini «ýüzlerçe enjamlary birikdirýän» gözleg toruna goşup bilerler.

Bu täzelik gulaklyklary öndürýän Belkin atly amerikan korporasiýasynyň, Chipolo atly gözleg birkalaryny öndürýän kompaniýanyň, elektrowelosipedleri öndüriji VanMoof kompaniýasynyň goldawyna mynasyp boldy. Olar şu aýdan başlap öz önümlerini «Apple-iň «Lokator» priloženiýasy bilen işleýär» diýen ýazgy bilen öndürip başlarlar.

Apple «Lokator» priloženiýasy indi 10-dan gowrak wagt bäri işleýär we ulanyjylara ýitirilen enjamlary olaryň internete birikdirilmedik ýagdaýynda hem gözläp tapmaga ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň