Soňky habarlar

Arhiw

Xiaomi kompaniýasynyň «gyzy» «Zimi» iPhone üçin uzakmöhletleýin kabeli satuwa çykardy

16:2407.04.2021
0
4039

Tehnologiki önümleri öndürmekde iň uly kompaniýalaryň biri Xiaomi-ä degişli bolan aksessuar öndüriji «Zimi» Apple mobil enjamlary üçin uzakmöhletleýin zarýad beriji kabeli ulanyşa goýberdi. Bu täze aksessuar «Apple Mfi» diýen resmi şahadatnama eýe bolup, iPhone, iPad we iPod enjamlaryna niýetlenendir. 20 Wt geçiriji adapteri özünde jemleýän bu kabel boýunça 480 Mbit/s tizlige çenli maglumatlary alyş-çalyş etmek mümkinçiligi döredilendir. Mundan başga-da, uzynlygy 1 metr bolan bu silikon kabel 30 müňe çenli egreltmä çydamlydyr. Kabele öndüriji tarapyndan 18 aý kepillik berilýär.

Ulanyjylary Xiaomi tarapyndan öndürilen täze önümiň bahasynyň 12$ bolmagy has-da begendirýär. USB-C ― Lightning kompaniýasynyň Apple üçin öndürýän gysga kabeliniň bahasy bolsa 19$ deňdir.

2012-nji ýylda döredilen «Zimi» bir ýyldan soň, Xiaomi tarapyndan goldaw berilýän kompaniýalaryň hataryna goşuldy we ençeme ýyllap onuň düzüminde zarýad beriji toplumlary hem-de daşky akkumulýatorlary döretmek boýunça iş alyp bardy. Mart aýynda Xiaomi Group Zimi kompaniýasynyň 205 million dollara barabar bolan 50,09% göterim aksiýany eýeländigini habar berdi. Bu görkeziji «Zimi» kompaniýasyna Xiaomi kompaniýasynyň «gyzy» derejesini berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň