Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistan Oraza aýyny garşylamaga taýýarlanýar

18:2906.04.2021
1
39520

Tutuş yslam dünýäsinde bolşy ýaly, Oraza aýy Türkmenistanda hem mukaddes aý hasapanylýar. Bu aýyň dowamynda adamlar agyz bekleýärler we ýagşy işler etmäge çalyşýarlar. Dostluk, doganlyk, hoşniýetlilik, päklik, agzybirlik we arassalyk ýaly ruhy gymmatlyklar has-da güýçlenýär.

Türkmen halky bu däp-dessurlara köpden bäri hormat goýýar: agyz beklemek fiziki we ruhy taýdan tämizlenmegiň bir serişdesidir. Adamlar agzaçarlarda bir-birege hezzet-hormat edýärler.

Oraza aýynyň başlanýan wagtyny Türkmenistanyň baş müftüsi kesgitleýär we agyz beklemegiň senenamasy (tertibi) çap edilýär.

Oraza aýynyň ilkinji günlerinde çagalar Ýaremezan aýdyp, öýme-öý aýlanýarlar. Olara öý eýeleri tarapyndan süýjülik ýa-da ownuk sowgatlar berilýär.

Şeýle hem bu aýyň dowamynda metjitlerde her gün agşam tarawa namazlary okalýar. Gadyr gijesi bu aýyň iň mukaddes gijeleriniň biridir. Aý Oraza baýramy bilen tamamlanýar.

«Turkmenportal» bilen galyň we agyz beklemegiň tertibinden ilkinji bolup habarly boluň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň