Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystan döwleti waksina edilen raýatlara Remezanda haja zyýarata gelmäge rugsat eder

17:5606.04.2021
0
7190

Saud Arabystan döwletiniň haj zyýaraty boýunça ministrliginde Remezan aýynda mukaddes Mekgä haj parzyny berjaý etmäge gelýän zyýaratçylaryň COVID-19-a garşy waksina sanjymyny almagynyň hökmanydygy hakynda netijä gelnendigini Interfax habar berýär.

Haj zyýaratyny amala aşyrmaga rugsatnama waksinanyň iki sanjymyny hem alan zyýaratçylara berilýär. Ministrlikde COVID-19-a garşy göreşmek üçin maslahat berilýän ähli talaplary berjaý etmek arkaly mukaddes Remezan aýynyň öňüsyrasynda Islam dünýäsiniň esasy metjidi bolan Mekkede kabul ediljek zyýaratçylaryň sanynyň artdyryljakdygy aýdyldy.

Şu ýyl Remezan aýy 13-nji aprelde başlanar. Musulmanlaryň aglabasy Remezanda Hajy parzyndan tapawutlylykda wagtlaýyn çäklendirmeler girizilmeýändigi sebäpli, adaty metjitlere gitmek bilen umra parzyny berjaý etmäge çalyşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň