Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

23:1605.04.2021
0
6605

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milletiň Lideri bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Ir bilen döwlet Baştutany Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň çägine geldi. Milletiň Lideri bu ýerde ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň atçylyk toparlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Soňra bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli düzümlerinde ideg edilýän ikiýaşar bedewleriň arasynda 1 000, üçýaşar bedewleriň arasynda 1 müň 200 metr aralyk boýunça çapyşyklar geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolmagynyň çäklerinde ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigine gatnaşjak bedewleri synlady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlary bedewleriň gözellik bäsleşiklerine gatnaşdyrylmagy üçin jemi dokuz bedewi taýýarladylar. Özboluşly reňk aýratynlyklary bolan we ady rowaýata öwrülen bedewleriň şöhratly nesil ugurlaryna degişli bu bedewler owadanlygy, gelşikliligi, beden gurluşy bilen aýratyn tapawutlanýarlar.

Milletiň Lideri ideg edilýän Hanbeg atly bedewe atlanyp, athanalaryň birinde ideg edilýän bedewleriň ýagdaýy hem-de olara degişli esbaplaryň görnüşleri bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany toplumyň ýörite meýdançasyna baryp, Goranmak ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň we Döwlet serhet gullugynyň konkur bäsleşiklerine gatnaşdyrmak üçin taýýarlaýan bedewleriniň türgenleşiklerini synlady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow höwür atlaryň saklanýan ýerine hem geldi. Döwlet Baştutany bu bedewlere edilýän ideg işleri bilen tanşyp, olara jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy hem-de degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milletiň Liderine täze dünýä inen taýçanak görkezildi. Bellenilişi ýaly, bu taýçanak şöhratly Gelşikliniň ugruna degişli Genjim bilen Gülnahalyň nesli bolup durýar. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýçanaga Esger diýip at goýdy we onuň boýnuna käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.

Döwlet Baştutany harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, şu ýylyň 19 — 25-nji apreli aralygynda Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde geçirilýän senesi mynasybetli dünýäde şöhrat eýesi bolan Polatly, Ýanardag, Garaşsyzlygymyzyň 10 ýyllygy mynasybetli bina edilen on atyň heýkelleriniň hem-de ata atlanan dutarly ýigidiň, şeýle hem alabaýyň heýkelleriniň ýanynda ýurdumyzyň döredijilik, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda çeper okaýyşlary, aýdym-sazly çykyşlary guramagy tabşyrdy.

Türkemnistanyň Prezidenti bu çärelere döredijilik, aýdym-saz bilen meşgullanýan harby gullukçylaryň gatnaşdyrylmalydygyny aýtdy we olaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Munuň özi biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklaryň hem-de halkymyzyň buýsanjy hasaplanylýan türkmen bedewleriniň we alabaýlarynyň şahyrana waspyna öwrülmelidir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň