Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistandaky Fransuz instituty sebitleýin olimpiada gatnaşmaga çagyrýar

18:1205.04.2021
0
15541

Aşgabatdaky Fransuz instituty ilkinji fransuz dili olimpiadasyndan başga-da , Türkmenistanyň Merkezi Aziýada geçiriljek sebitleýin fransuz olimpiadasyny kabul etjekdigini habar berdi.

Sebit olimpiadasy Fransiýanyň Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda ýerleşýän ilçihanalary tarapyndan bilelikde guraldy. Institutyň metbugat beýanatyna görä, bütinleý onlaýn görnüşde geçiriljek Sebit olimpiadasynyň çäginde 8 ugur boýunça baýraklar goýlar.

Bäsleşigiň birinji tapgyry 18-nji aprelde, Aşgabat wagty bilen 15: 00-da başlanar.

Türkmenistanyň fransuz dilini bilýän ähli raýatlary bu bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşige hasaba alyş, 10-njy aprel güni Aşgabat wagty bilen 15:00-a çenli https://olympiades-regionales.org/ web sahypasy arkaly bolar.

Has giňişleýin maglumaty aşakdaky elektron salgydan alyp bilersiňiz: olympiadesregionales@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň