Soňky habarlar

Arhiw

Saud Arabystany Patyşalygy howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin öz başlangyçlaryny teklip etdi

21:2002.04.2021
0
5443
Saud Arabystany Patyşalygy howanyň üýtgemegine garşy göreşmek üçin öz başlangyçlaryny teklip etdi

Saud Arabystany Patyşalygynyň daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we sebitdäki howanyň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, ýagyşyň az ýagmagy, howadaky tozan bölejikleriniň möçberiniň artmagy we çölleşmek bilen baglanyşykly daşky gurşaw wehimlerine garşy durmak isleginiň bardygyny mälim etdi.

Saud Arabystany Patyşalygy özüniň öňdebaryjy orny, dünýäde nebit we gaz öndüriji ýurt hökmünde, Yeri we tebigaty goramak jogapkärçiligini ykrar etmek bilen, Saud Arabystanyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary we Goranmak ministri Muhammed bin Salman bin Abdul-Aziz Al Saud “Ýaşyl Saud Arabystany” hem-de “Ýaşyl Ýakyn Gündogary” atly iki sany başlangyç bilen çykyş etdi. Bu başlangyçlar durmuş ýaşaýşynyň hilini has-da ýokarlandyrmakdan we geljekki nesilleri goramakdan ybarat bolup, aýratyn hem, olar ösümlikleriň sanynyň möçberini artdyrmak, uglerod zyňyndylaryny azaltmak, Ýeriň zaýalanmagyna we hapalanmagyna garşy göreşmek we deňiz köpdürlilik ýaşaýşyny goramak ýaly birnäçe maksatlary öz içine alýar.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Hökümeti doganlyk we dostlukly ýurtlaryň hökümetleri bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyryp, Ýakyn Gündogar sebitinde 50 milliard bag we agaç nahallaryny ekmegi maksat edinýän dünýädäki iň uly tokaý zolagyny döretmek meýilnamasyny durmuşa geçirmekligi maksat edinýär. Bu bolsa, bütindünýa uglerod zyňyndylarynyň 10% azalmagyna hem-de adamzadyň we planetanyň geljegine howp salýan howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseltmeklige ýardam eder.

Saud Arabystany Patyşalygy dünýäde ýüze çykýan esasy meseleleriň, esasan hem çölleşmegiň, daşky gurşawyň hapalanmagynyň, howanyň gyzgynlygynyň artmagynyň we howanyň üýtgemeginiň çözgüdini tapmak üçin daşky gurşaw boýunça ýurt baştutanlaryň we ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda her ýyl “Ýaşyl Ýakyn Gündogary” başlangyjy atly sammit geçirmekligi maksat edinýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň