Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçiriler

19:2302.04.2021
0
6650

Şu gün GDA döwletleriniň daşary işler ministrleriniň Moskwadaky duşuşyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow gazagystanly kärdeşi Muhtar Tleuberdi bilen ikiçäk duşuşyk geçirdi.

Gazagystanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar berşi ýaly, taraplar türkmen-gazak gatnaşyklaryna ýokary baha berip, iki döwletiň Ýolbaşçylarynyň arasynda ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň