Soňky habarlar

Arhiw

«Mert ýaşlar» täze okuw merkezi iňlis dili okuwlaryna çagyrýar

16:5402.04.2021
0
30632

Paýtagtymyzdaky «Mert ýaşlar» täze okuw merkezi çagalary hem-de uly ýaşlylary Oksford usulyýeti boýunça geçirilýän iňlis dili okuwlaryna çagyrýar.

Okuw merkeziniň esasy iş ugry sapaklary toparlaýyn bolşy ýaly, indiwidual görnüşde geçirmeklige gönükdirilýär. Şunda okuwça diňe bir okuw materialyny ýatda saklamaga kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň iňlis diline gyzyklanmasyny hem-de dili öwrenmäge ymtylyşyny artdyrmaga hem esasy üns berilýär.

Okuw toparlary ýaş aýratynlygyna görä düzülýär:

  • 6-10 ýaş;
  • 10-15 ýaş;
  • 15-den ýaşdan ýokary.

Okuwlar birnäçe derejeden ybarat bolup, olaryň her biri bir möwsüm — 3 aý dowam edýär.

Okuw merkezde bilim almak üçin şu aşakdaky gün tertipler hödürlenilýär:

  • Irdenki okuwlar: 9:00-11:30;
  • Gündizki okuwlar: 14:00- 16:00;
  • Agşamky okuwlar: 19:00 -21:30.

Tejribeli mugallymlar bilim bermegiň döwrebap usullaryny hem-de daşary ýurtlaryň iň täze çemeleşmelerini ulanmak arkaly okuw işini gyzykly hem özüne çekiji edip guraýarlar. Bilim bermekde häzirki zaman multimediýa we interaktiw tehnologiýalaryň ulanylmagy bilim alýanlarda iňlis dilinde erkin gürleşip bilmekleri üçin zerur bolan başarnyklaryň emele gelmegine ýardam edýär.

Okuw merkezinde otaglar döwrebap ýagdaýda enjamlaşdyrylyp, okuwçylara kompýuter tehnikalary hem-de «Oksford» kitaplary elýeterli edilýär.

«Mert ýaşlar» okuw merkeziniň salgysy: Aşgabat ş., Ankara köç., 23 j., 6-njy gat ("Rysgalbank").

Telefon belgileri:

  • +993 65 14-01-11
  • +993 64 06-51-31
  • +993 12 96-48-83
  • IMO: +993 62 59-77-88
  • Instagram: @mertyashlar
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň