Türkmenistan Hytaýa gaz eksport etmekde birinji ýerde durýar

11:2328.03.2021
0
1532

Türkmenistan 2021-nji ýylyň başyndan bäri Hytaýyň energiýa bazaryna iň köp gaz iberiji bolup durýar. Bu barada Fars habarlar gullugyna salgylanyp, Parstoday habar berýär.

Habara görä, Hytaý 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda 4,685 milliard kub metr gaz import edipdir, munda Türkmenistanyň eksport paýy bolsa 2,786 milliard kub metrdir.

Russiýa Hytaýa gaz eksporty boýunça 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystandan öňe geçip, Türkmenistandan soň ikinji ýeri eýeledi.

Statistika görä, Mýanma 357 million kub metr, Gazagystan 319 million kub metr, Özbegistan 307 million kub metr gazy Hytaýa eksport etdiler.

Demirgazyk-Gündogar Aziýa sebitinde dekabr – ýanwar aýlarynda güýçli sowuk boldy, bu bolsa energiýanyň bahasyny ýokarlandyrdy we dünýäde gazyň bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň