Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedow şypahanalara berilýän ýollanmalaryň bahalaryny tassyklady

21:3926.03.2021
0
47991

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikow Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň ýurdumyzyň şypahanalarynyň maliýe-hojalyk işleri hem-de bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalarynyň bahalary boýunça bilelikde geçiren seljermeleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Geçirilen seljermeleriň dowamynda şypahanalaryň maliýe-hojalyk ýagdaýy we berilýän ýollamanamalaryň bahalary bilen baglanyşykly meseleler öwrenildi. Geçirilen seljermeleriň netijelerine laýyklykda, ýurdumyzda şypahanalaryň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen birnäçe çäreleri kabul etmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkymyzyň saglygy we abadançylygy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň we beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde, paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda täze lukmançylyk edaralarynyň, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugurly binalaryň yzygiderli gurulýandygy bellenildi.

Ýurdumyzyň şypahanalary enjamlaşdyrylyşy we ýola goýulýan hyzmatlar boýunça dünýä belli bejeriş-öňüni alyş merkezlerinden pes däldir. Şypahana-dynç alyş düzüminiň ösdürilmegi ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny dikeltmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutany belledi. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň sagaldyş edaralarynyň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak maksady bilen, teklip edilýän çäreleriň ähmiýetini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu ugurda bar bolan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň