Russiýa Federasiýasynda okamak üçin saýlama synaglaryň wagty belli boldy

18:1026.03.2021
0
16250

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy öz web sahypasynda 2021/2022-nji okuw ýylynda Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň kwotasyna laýyklykda okuw üçin saýlama synaglarynyň 2021-nji ýylyň 5-15-nji aprelinde geçiriljekdigini habar berýär.

Saýlama synaglary dalaşgär tarapyndan saýlanan ugurlarlara laýyklykda iki ders boýunça onlaýn görnüşinde geçiriler. Synaglar bakalawr we hünärmen maksatnamalary boýunça geçiriler.

Education-in-russia.com portalynyň üsti bilen ýüz tutan dalaşgärler synag tertibi barada e-poçta habarnamasyny we uzakdan saýlama çärelerine gatnaşmak üçin zerur görkezmeleri alarlar.

Jikme-jik maglumatlary we synag synaglarynyň tertibini Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň web sahypasynda tapyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň