Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň ähli ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

22:4824.03.2021
0
13116

Türkmenistanyň Prezid­enti Gurbanguly Berdi­muhamedow Birleşen Ar­ap Emirlikleriniň Prezidenti şeýh Halifa B­in Zaýed Al Nahaýýana­, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezid­enti we premýer-minis­tri, Dubaý emirligini­ň häkimi şeýh Mohamma­d Bin Raşid Al Maktum­a hem-de Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy, ­Birleşen Arap Emirlik­leriniň Ýaragly Güýçl­eriniň Ýokary Serkerd­ebaşysynyň orunbasary­ şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana onuň­ Alyjenaby Birleşen A­rap Emirlikleriniň ma­liýe ministri, Dubaý ­emirliginiň häkiminiň­ orunbasary şeýh Hamd­an Bin Raşid Al Maktu­myň aradan çykmagy ze­rarly gynanç hatlaryn­y iberdi.

Hususan-da, hatlarda,­ Türkmenistanyň Prezi­denti şu agyr pursatd­a merhumyň dogan-garyndaşlaryna we ýakynla­ryna, şeýle hem Birle­şen Arap Emirliklerin­iň ähli doganlyk halk­yna ýürekden duýgudaşlyk we medet beriji s­özlerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň