Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça ýaşlaryň arasynda 2022-nji ýyldaky Aziýa çempionaty Özbegistanda geçiriler

21:5622.03.2021
0
5546

2022-nji ýylda taryhda bäşinji gezek geçiriljek 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty Özbegistanda guralar. Bu barada Aziýanyň Futbol konfederasiýasy habar berdi.

Yklym ýaryşy 2022-nji ýylyň 1 ― 19-njy iýuny aralygynda geçiriler. Duşuşyklaryň boljak şäheri ýa-da şäherleri barada biraz soňrak habar berler. Şeýle hem ýaryşyň tertipnamasy soň habar berler.

Yklym ýaryşyna 16 döwletiň ýaşlar ýygyndylary gatnaşyp, olar dört toparça bölünerler.

23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionaty 2013-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Geçen çempionatlarda Özbegistanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň we Yragyň ýaşlary ýaryşyň baş baýragyna mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň