Soňky habarlar

Arhiw

Tanzaniýanyň taryhynda zenan maşgala ilkinji gezek Prezident boldy

11:5420.03.2021
0
6266

Tanzaniýanyň öňki Wise-prezidenti Samiýa Suluhu Hasan düýn — 19-njy martda kasam edip, ýurduň taryhynda ilkinji zenan Prezident boldy. Bu barada Russiýanyň «Интерфакс» web sahypasy habar berýär.

Samiýa Suluhu Hasan öz halkynyň öňünde dogruçyl bolmaklyk, Tanzaniýanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket etmeklik we ony goramaklyk barada söz berdi.

Tanzaniýanyň öňki Prezidenti Jon Magufuli şu ýylyň 17-nji martynda 61 ýaşynda aradan çykdy. Ol 2015-nji ýyldan bäri döwlet Baştutany bolup işledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň