Soňky habarlar

Arhiw

«Mähirli dogan»: «Sabynymyz bütinleý tebigy önüm»

21:0417.03.2021
0
7899

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli guralan sergi-ýarmarkanyň ilkinji güni ýaýbaňlandyryldy.

Sergide milli ykdysadyýetiň ösmegine we pugtalandyrylmagyna işjeň goşant goşýan içerki hususy kärhanalaryň önümleri we hyzmatlary görkezildi.

Uly göwrümli foruma gatnaşyjylaryň arasynda diňe tebigy serişdelerden taýýarlanan arassaçylyk serişdelerini öndürýän «Mähirli dogan» hususy kärhanasy hem bar.

Kompaniýanyň direktoryň orunbasary Azatmuhammet Babaýew kompaniýanyň önümçiligi barada «Türkmenportalyň» habarçysyna şeýle gürrüň berdi:

― Üzärlikden taýýarlanan antibakterial sabynymyz tutuşlygyna tebigy önüm! Ol diňe ösümlik böleklerinden we suwdan durýar. Gliserin we beýleki garyndylar goşulmaýar. Bu önümde himiýa ýok! Biz sabynlary döwrebap tehnologik mümkinçiliklerimiz bilen öndürýäris.

Kompaniýamyz 2016-njy ýyldan bäri işleýär. Esasy önümlerimiz ― tämizlik serişdeleri. Indiki maksadymyz dünýä bazaryna çykmak. Nesip bolsa, bu babatda hem aýgytly ädimlerimiz bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň