Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara Gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär:
«Hormatly telekeçiler!
Gadyrly sergä we maslahata gatnaşyjylar!
Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Bu dabaraly çäreleriň geçirilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Çünki, berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň giňden baýram edilýän ýylynda guralýan sergi hususy telekeçiligi ösdürmäge gönükdirilen syýasatyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna, ýurdumyzyň telekeçilerine berilýän döwlet goldawlarynyň öz miwelerini berýändigine şaýatlyk edýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gazananlarynyň, hususy pudagyň ýeten sepgitleriniň gözden geçirilişine öwrülen bu çäreler hususy haryt öndürijileriň öndürýän önümleriniň möçberini içerki we daşarky bazarlarda artdyrmaga, maýa goýum we innowasion işewürligi ösdürmegiň has möhüm ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýär.
Eziz adamlar!
Mähriban dostlar!
Döwrebap bazar gatnaşyklaryny kemala getirmekde, ýurdumyzyň ykdysady we durmuş syýasatyny özgertmek boýunça işleri ýerine ýetirmekde hususy pudaga uly orun degişlidir. Şoňa görä-de, häzirki döwürde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, hususy başlangyçlary netijeli ösdürmekde amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmegi bilen döwlet goldawlaryndan peýdalanýan telekeçilerimiz ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mynasyp goşant goşýarlar.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda hem döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyna, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyna, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, biz geljekde hem kiçi, orta we iri telekeçiligi ösdürmäge ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garap, bu ugurda döwlet tarapyndan goldaw berilmegini dowam etdireris. Dürli pudaklarda telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak bilen, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldap, maýa goýum işjeňligini höweslendireris. Şeýlelikde, döwlete dahylsyz pudagyň jemi içerki önümdäki 70 göterime barabar paýyny has-da ýokarlandyrarys.
Hormatly telekeçiler!
Bitarap döwletimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde halkara işewür gatnaşyklary hem barha rowaçlanýar. Türkmen telekeçilerine özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň giň ýollary açylýar. Telekeçilik ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulmagyna we işiň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynda synçy derejesine eýe bolmagy-da ýurdumyzda önümçilik düzümlerini ösdürmekde, eksportyň möçberini artdyrmakda we bazar özgertmelerinde durnukly ugry üpjün etmekde giň şertleri döredýär.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guran medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarynyň ençemesi açylyp, ulanmaga berler. Ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmekde, paýtagtymyzda tapgyrlaýyn taslamalary durmuşa geçirmekde hususy gurluşyk kärhanalaryna uly orun degişlidir.
Telekeçiler ýokary hilli we ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän gurluşyk serişdelerini öndürmekde hem guwandyryjy netijeleri gazanýarlar. Obasenagat toplumynda olaryň alyp barýan işleriniň toplumlaýyn hem-de utgaşykly ýola goýulmagy has gowy netije berýär. Ýurdumyzda ýokary hilli gök-bakja önümleriniň, miweleriň, beýleki azyk önümleriniň bolçulygynyň döredilmegi, olaryň özümizden artýan böleginiň eksporta ugradylmagyna mümkinçilik döredýär.
Türkmen telekeçileri senagat we oba hojalyk önümleriniň, şeýle hem hyzmatlaryň daşary ýurt bazarlaryndaky ornuny pugtalandyrmaga hem möhüm ähmiýet bermelidir. Beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürýän täze önümçilikleri giň gerim bilen işe girizip, täze iş orunlaryny döretmelidir. Ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem hyzmatlar ulgamyny, elektron söwdany ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary amala aşyrmaga uly goşant goşmalydyr.
Senagatçylaryň we telekeçileriň bu sergisiniň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň ýurdumyzda telekeçiligi döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmekde, toplanan tejribeleri durmuşa ornaşdyrmakda uly ähmiýetiniň boljakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary!
Siziň ähliňizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!».