Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Laçyn» seýilgähiniň gurluşygy bilen tanyşdy

23:5916.03.2021
0
14255
Türkmenistanyň Prezidenti «Laçyn» seýilgähiniň gurluşygy bilen tanyşdy

Aşgabatda we Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde alnyp barylýan gurluşyklar bilen tanyşlygynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Laçyn” seýilgähiniň gurluşygynyň tapgyrlary we ýerleşişiniň aýratynlyklary, onuň çäginde guruljak beýleki desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Wise-premýer Ş.Durdylyýew degişli taslamalar, gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar we olaryň ýerleşjek ýerleri barada hasabat berdi.

Bu seýilgähi Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabatlap açmak meýilleşdirilýär. Milletiň Lideri myhmanhana-işewürlik toplumynyň golaýynda ýerleşen täze seýilgähiň abadanlaşdyrylyşyna ünsi çekip, bu ulgamdaky öňdebaryjy tehnologiýalaryň, tebigy bezeg babatdaky iň gowy tejribäniň giňden ulanylmalydygyny belledi.

Soňra “Türkmenhowaýollary” agentliginiň başlygy D.Saburow Aşgabadyň Halkara howa menziline tarap uzalyp gidýän seýilgäh zolagynyň bezeg aýratynlyklary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilişi, şäherlileriň boş wagtlaryny göwnejaý geçirmekleri üçin seýilgähiň iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülmegi boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow paýtagtymyzyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda we onuň çäklerinde alnyp barylýan işler, bu ýerde bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi ugrunda amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew täze seýilgähde ekiljek bag nahallary, olaryň häsiýetli aýratynlyklary barada hasabat berdi. Bag nahallarynyň görnüşleri seçilip alnanda bu ýerleriň tebigy aýratynlyklary nazara alyndy.

Soňra oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew täze seýilgähiň bag nahallaryna degişli derejede ideg işlerini ýola goýmak boýunça ýerine ýetirilýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Häzirki döwürde seýilgähde bag nahallaryny ekmek işlerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýär.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ý.Gylyjow türkmen paýtagtynyň 140 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, şäherimiziň ekologiýa abadançylygyna, onda adamlar üçin ösen halkara ülňülere laýyk gelýän amatlylyk ýagdaýynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesine möhüm üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şäher gurluşygynda alnyp barylýan işlerde ekologiýa meselesine aýratyn orun degişli bolmalydyr. Bu ýerde bina ediljek seýilgähde adamlaryň dynç almagy üçin has amatly şertler döredilmelidir. Şoňa görä-de, ähli meselelere, şol sanda dürli görnüşli agaç nahallarynyň ekilişine, otly meýdanlaryň hem-de gül aýmançalarynyň döredilmegine oýlanyşykly çemeleşmek zerurdyr diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutany “Laçyn” diýlip atlandyrylan seýilgähiň bezeginde milli öwüşginleriň öz beýanyny tapmalydygyny belläp, bu desgada alnyp barylýan işleriň ýokary hilini we bellenilen möhletde tabşyrylmagyny üpjün etmäge berk gözegçilik etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda täze seýilgäh toplumlaryny hem-de ýaşyl zolaklary döretmek boýunça görülýän çäreler ilatyň saglygyna oňyn täsir edýän amatly ekologiýa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň