Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda geçirilýän at çapyşyklarynyň şowhuny has-da artdyrylar

22:5015.03.2021
0
10019

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün geçirilen iş maslahatynda wise-premýer E.Orazgeldiýewiň ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek we at çapyşyklarynyň geçirilişini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.

Ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynyň şowhunyny has-da artdyrmak, meşhur ahalteke bedewleriniň atlaryny ebedileşdirmek, şeýle hem halkara tejribelere we milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, at çapyşyklarynyň geçirilişini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, baýramçylyk at çapyşyklarynda goýulmagy teklip edilýän kuboklaryň we baýraklaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.

Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, “Ak şäherim — Aşgabat”, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň göçme kuboklarynyň, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, “Watan goragçysy”, welaýatlaryň göçme kuboklarynyň görnüşleri, türkmen topragynda şöhrat gazanan, ýyndamlykda hem-de owadanlykda taý bolmadyk “Akhan”, “Boýnaw”, “Garader”, “Gelşikli”, “Nusaý, “Pereň», “Polatly”, “Ýanardag”, “Meleguş” ýaly türkmen bedewleriniň atlaryna goýuljak baýraklaryň görnüşleriniň taslamalary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer halkara tejribelerden ugur alnyp, atçylyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak we girdejilerini ýokarlandyrmak maksady bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi tarapyndan “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen bilelikde, at çapyşyklarynda goýumly oýunlary, ýagny totalizator oýunlaryny geçirmek üçin ýörite programma üpjünçiliginiň we onuň mobil goşundysynyň taýýarlanandygyny habar berdi hem-de olary atlandyrmak we onuň nyşanyny kesgitlemek üçin birnäçe teklipleri hödürledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şöhratly pederlerimiziň döreden we dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant hasaplanylýan milli gymmatlyklarymyzyň giňden wagyz edilmegi, bedewleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri hödürlenen taslamalar we teklipler bilen tanşyp, käbir degişli maslahatlaryny berdi we olary, umuman, tassyklady.

Döwlet Baştutany häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda döwrüň ösen tehnologik önümçiliklerini ornaşdyrmaga, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaga uly ähmiýet berilýändigine ünsi çekip, bu ugurda alnyp barylýan işleri atçylyk pudagynda, şol sanda at çapyşyklaryny döwrebap derejede geçirmekde hem işjeň ulanyp, bu meseleleriň çözülmegine yzygiderli üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň