“Netflix” keseki açarsözi bilen filmleriň tomaşa edilmegine garşy göreşip başlady

17:1612.03.2021
0
4740

Iň uly wideo platformalarynyň biri bolan “Netflix” filmleriň we seriallaryň keseki açarsözi bilen tomaşa edilmegine göreşmäge garşy kampaniýa başlatdy diýip, Forbes.ru saýty habar berýär. “Netflix” synag edip görmek üçin käbir ulanyjylaryna film tomaşa etmek üçin keseki açasözini ulanmagyň deregine, özleriniň hasaba alynmagyny sorap, SMS habaryny iberdi. Ilkibaşda bu “streaming” serwisi ulanyjylaryň bir açarsözini bilelikde ulanmagyna känbir ähmiýet bermese-de, indiden beýläk özleriniň serwisi ulanmak bilen bagly syýasatyny täzeden gözden geçirmegi mümkin.

Neşirde bellenşi ýaly, munuň ýaly synaglar diňe bir ulanyjylaryň goraglylygyny üpjün etmek üçin däl-de, serwise girmek üçin keseki açar söziniň alyş-çalşynyň öňüni almaga hem kömek eder.

Häzirki wagtda “Netflix” bu serwise abuna bolanlara filmlere şol bir wagtda iki ekranda tomaşa etmäge rugsat berýär. “Magid” barlag kompaniýasynyň gelen netijesine göra, abunaçylaryň tas 33 göterimi öz açar sözlerini azyndan bir adam bilen paýlaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň