Soňky habarlar

Arhiw

Aziýanyň Ösüş banky MASYH Maksatnamasyny goldamaga taýýar

16:1511.03.2021
0
4887

Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

Maslahatyň barşynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnama bilelikdäki we durnukly ösüş üçin sebiti birleşdirip” Maksatnamasynyň esasy ugurlaryna, şonuň ýaly-da köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine uly üns berildi. AÖB tarapyndan bu resminamada durmuşa geçirmek üçin bellenilen geljegi uly wezipeleriň milli ösüş meýilnamalary hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary (DÖM) bilen sazlaşýandygy nygtaldy.

Şu maksatnamanyň çäklerinde göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek sebitiň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, ykdysadyýetiň iri pudaklarynda möhüm ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek üçin iri maýa goýumlary çekmäge, Aziýa ýurtlarynyň innowasion ösüşini hil taýdan täze derejä çykarmak üçin döwletara gatnaşyklary ilerletmäge gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň