Arslanmyrat Amanow "Sodianadaky" ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy

23:1209.03.2021
0
7375

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow “Sogdiana” toparyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi.

Özbegistanyň futbol çempionatynyň birinji tapgyrynyň çäginde “Nowbahor” bilen duşuşan ildeşimiziň topary 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. “Sogdiana” ýeňiş getiren topy oýnuň 35-nji minutynda Şohruz Norhonow öz adyna ýazdyrdy.

Türkmenistanly futbolçy bu duşuşykda esasy düzümde oýna girip, 64-nji minuta çenli çykyş etdi.

Ýeri gelende bellesek, 30 ýaşly A.Amanow “Sogdiana” toparynyň düzümine şu ýylyň ýanwar aýynda goşuldy. Geçen möwsüm Almalyk şäheriniň AGMK toparynda çykyş eden futbolçymyz Özbegistanyň “Naýbaşy ligasynda” geçiren 23 oýnunda netijeli urgularyň ikisini geçirmegi başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň