«Borussiýa» «PSŽ» toparyny ýeňip, ÝÇL-iň finalyna çykdy

09:1108.05.2024
0
7945

Germaniýanyň Dortmund şäheriniň «Borussiýa» kluby ÝÇL-iň ýarym final tapgyrynyň jogap oýnunda myhmançylykda Fransiýanyň «PSŽ» toparyny 1:0 hasabynda ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň finalyna adyny ýazdyrdy. Oýun Pariž şäherindäki «Park de Prens» stadionynda geçirildi.

Oýundaky ýeke-täk gol 50-nji minutda myhmanlaryň goragçysy Mats Hummels tarapyndan derwezä gönükdirildi. Bu jübütiň ýarym finaldaky deslapky oýnunda hem nemes topary şol hasapda ýeňiş gazanypdy.

Indi Dortmundyň «Borussiýasy» ýaryşyň finalynda «Bawariýa» – «Real» gapma-garşylygynyň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu jübütiň Mýunhende geçirilen deslapky oýny 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Jogap oýny bolsa 8-nji maýda Madridde oýnalar.

Ýeri gelende bellesek, «Borussiýa» öz taryhynda üçünji gezek Ýewropanyň klublaryň arasyndaky iň abraýly turniriniň finalynda çykyş eder. Mundan ozal, «balarylar» 1997-nji ýylda finalda «Ýuwentusy» 3:1 hasabynda ýeňdiler hem-de 2013-nji ýylda «Bawariýadan» 2:1 hasabynda utuldylar. Bu ýyl finalyň bosagasynda ýaryşdan çykan «PSŽ» bolsa öz taryhynda bary-ýogy ýekeje gezek 2020-nji ýylda ÝÇL-iň finalyna çykyp, şol oýunda hem «Bawariýadan» 1:0 hasabynda utulypdy.

ÝÇL-iň şu ýylky finaly 1-nji iýunda Londondaky «Uembli» stadionynda geçiriler. Ýaryşyň häzirki çempiony Angliýanyň «Mançester Siti» toparydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň