Astrahanda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

21:0809.03.2021
0
5432

Olýa portundaky (Astrahan) ýörite ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezi dörediler. Bu barada «Lotos» ýörite ykdysady zolagynyň baş direktory Sergeý Miluşkin we Türkmenistanyň Astrahandaky Baş konsuly Güýç Garaýewiň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.

Sergeý Miluşkin Russiýanyň Hökümetiniň karary bilen gurulýan zolagyň çäklerini haryt akymlaryny optimizirlemek we bäsdeşlige ukyplylygyny, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak, ekspeditor we transport kompaniýalarynyň netijeli işi üçin ykdysady gurallar bilen üpjün etmek üçin möhüm platforma hasaplaýar.

Baş direktor bu logistika merkezini döretmek taslamasynyň durmuşa geçirilmegine doly goldaw berjekdigini aýtdy.

Gepleşikleriň netijesinde Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň degişli gurluşlarynyň onlaýn ýygnagyny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň