Moskwada garrylar üçin hökmany karantin 8-nji martda ýatyrylýar

19:0206.03.2021
0
1132

Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin 8-nji martdan başlap şäheriň  65 ýaşdan uly raýatlary hem-de dowamly kesellerden ejir çekýän raýatlary üçin hökmany karantin çäklendirmesi düzgünini ýatyrjakdygyny aýtdy. Mundan başga hem, 8-nji martda maýyp pensionerleriň sosial kartlary açylar.

Koronawirus epidemiýasynyň giňden ýaýramagy zerarly ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň öňüni almaklyk maksady bilen Moskwada garrylar üçin girizilen hökmany karantin çäklendirmesi düzgüni 2020-nji ýylyň sentýabr aýynyň ahyryndan bäri güýje girýär.

Geçen ýylyň 9-njy oktýabryndan başlap bolsa, Moskwa Hökümeti pensionerleriň sosial kartlarynyň güýjüni togtatdy. Ýöne dekabr aýynda Sergeý Sobýanin "COVID-19"  ýokanç keseline garşy sanjym edilen garry moskwalylaryň sosial kartlarynyň açylmagyna rugsat berdi.

Şu ýylyň 12-nji fewraldan başlap, Udmurtiýa respublikasy Russiýanyň Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda agyz-burun örtüklerini geýmeklik borjuny ilkinji bolup ýatyrdy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň