Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda köp çagalary eneleriň 200-den gowragyna "Ene mähri" diýlen hormatly at berildi

23:0005.03.2021
0
8338

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanda 245 sany köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Bu barada şu gün «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda käbir köp çagaly enelere ýaşaýyş jaýlaryny bermek hakynda karara gelnendigini belläp, Aşgabat şäherinde “Ene mähri’ diýen hormatly ada we sylaglara mynasyp bolan enelere sowgatlarynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde gowşurylmagyny Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygyna tabşyrdy. Ýaşaýyş jaýlarynyň açaryny bolsa Aşgabat şäheriniň häkimine şäher häkimliginde gowşurmak tabşyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň