Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabyndaky Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebinde türkmen we täjik ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň hem-de žurnalistleriniň gatnaşmagynda «Magtymguly Pyragy we türkmen-täjik dostlugy» atly döredijilik agşamy geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasy Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasy we Ýazyjylar birleşigi bilen bilelikde gurady. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen halky üçin däl-de, eýsem dünýäniň ähli halklary üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, geçirilýän şeýle çäreleriň Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky ösýän medeni hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup çykyş edýändigini bellediler.
Çäräniň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan sergi guraldy. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary, Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary we häzirki zaman suratkeşleriniň eserleri görkezilişe çykaryldy.