Türkiýäniň Wan şäherinde Urartu döwrüne degişli, agramy bir tonna töweregi bazalt heýkel tapyldy diýip, «Arkeonews» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Heýkel bitewi daşdan ýasalyp, ol dörtburç göwreli, kelle sudurly we aýdyň bolmadyk ýüz keşplidir.
Bu eýýäm ikinji heýkel tapyndy bolmak bilen, arheologlar 2023-nji ýylda hem şeýle görnüşli gymmatlygy tapypdylar. Tapyndy golaý wagtda Wan şäheriniň muzeýine eltiler.
Urartu Ermenistandaky gadymy şalyk bolup, onuň merkezi Gündogar Türkiýede ýerleşipdir. Alymlaryň pikirine görä, az heýkeltaraşlyk eserleriniň miras galandygy sebäpli, Urartu has az öwrenilen medeniýetleriň biri bolup durýar.