Soňky habarlar

Arhiw

TÝL ― 2021: geçen ýyl «Aşgabadyň» düzüminde 128 minut çykyş eden futbolçy bu ýyl «Köpetdagda» futbol oýnar

16:2805.03.2021
0
857

25 ýaşly futbolçy Bäşim Gurbanberdiýew paýtagtyň «Köpetdag» futbol toparynyň düzümine goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Geçen möwsümi «Aşgabat» futbol toparynyň düzüminde geçiren Bäşim Gurbanberdiýew bäş duşuşykda düzümde görkezildi. Ol şolaryň birini ätiýaçlyk oturgyjynda geçirip, dört duşuşykda ätiýaçdaky oýunçylaryň hataryndan, bir duşuşykda bolsa esasy düzümde meýdana çykdy. Şol duşuşyklarda 128 minut meýdanda boldy. Bir gezek sary kart gördi.

«Köpedagyň» ozalky hüjümçisi Öwezbaý Muhammetmyradowy hem gaýtadan düzümine goşandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň